JEMGYÝET

Sanly ulgamyň şu güni we geljegi

Häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň medeniýeti barada düşündiriş işlerini alyp barmak maksady bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebiniň Lebap welaýat bölüminde «Innowasiýa — şu günüň we geljegiň talaby» atly düşündiriş çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramagynda geçirilen bu çärede innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Olar öz çykyşlarynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtap, bu işiň gündelik durmuşymyza giňden ornaşmagyň telekeçileriň işinde döredýän ýeňillikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: