JEMGYÝET

Öňde baryjy pagtaçylara sowgatlar gowşuryldy

 Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Farap etrap komitetiniň işgärleri şu günler pagtaçylaryň arasynda bolup, ýurtda bolup geçýän wakalar bilen tanyşdyrýarlar.

Olar etrabyň «Watan», «Lebap», «Şatlyk», «Türkmenistan» daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň arasynda bolup, söhbetdeşlikleri guradylar. Şonda oba hojalyk işgärleri üçin döredilýän ýeňillikler, olary tutanýerli zähmete maddy taýdan höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Aýratyn hem, söhbetdeşleriniň ünsüni Türkmenistanyň Prezidentiniň bug­daý, pag­ta we gant şu­gun­dy­ry­ny ön­dü­ri­ji­le­ri yk­dy­sa­dy taý­dan höwes­len­dir­mek ha­kyn­da­ gol çeken Kararyna çekdiler. Oňa laýyklykda, eýýäm tabşyrylan bugdaýyň we pagtanyň 50 göterimi gaýtadan işlenenden soňky çykýan kepeginiň we sarunynyň önüm öndürijilere bellenilen nyrhlardan paýlanylýanydygy habar berdiler.

Duşuşyklaryň dowamynda öňde baryjy pagtaçylara, mehanizatorlara partiýanyň etrap komitetiniň adyndan ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: