SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow Gyrgyzystanyň çempionatynda oýnar

Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol topary türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow bilen şertnama baglaşdy diýip, «Transfermarkt» ýazýar, diýip, «turkmenportal.com» habar berýär. Şertnamanyň aýratynlyklary mälim edilmeýär.

«Abdyş-Ata» ýurduň çempionatynyň 2021-nji ýyldaky möwsümini 59 utuk bilen ikinji orunda tamamlapdy. Rahat Japarow bu toparda 2020-nji ýylda hem çykyş etdi. Şonda oňa 12 duşuşykda derwezäni goramak ynanyldy.

25 ýaşly derwezeçiniň geçen möwsümde Täjigistanyň SSKA toparynda çykyş edendigini we onuň geçen ýyl Täjigistanda iň gowy derwezeçi diýlip yglan edilendigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: