Atalaryň Gahyrmançylyk ýoly – Nesilleriň nusgalyk mekdebi.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän “Soňky Jaň” hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli terbiýeçilik ähmiýetli täsirli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle ýatda galyjy çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaly Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy myzeýi tarapyndan gurnaldy.
Şu okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň Beýik Watançylyk urşy myzeýine gelip, merdana pederleriň görkezen gahrymançylykly ýoly bilen tanyşdyrýan muzeý gymmatlyklaryny synlamaklary, durmuş ýoluna özbaşdak gadam basýan ýaş nesiller üçin terbiýeçilik mekdebine öwrüldi.
Şöhratly atalarymyzyň ata Watan ugrunda edermenlige ýugrulan nusgalyk ýollary, ýaşlaryň geljekki ykbalyna degişli hünäri saýlamaklyga ugrukdyryp, halk, Watan, ene toprak ýaly mukaddesliklere tagzym etmek düşünjelerini has-da berkitdi.