Watan goragyna bagyşlanan çäre geçirildi

Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky №-nji harby bölüminden «Watan goragy mukaddes borçdur» aty söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň guran çäresine ýaş harby gullukçylar gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Watan goragçylarynyň öňlerinde duran wezipeler, taryhyň dürli döwürlerinde ene topragyň azatlygy ugrunda göreşen gahrymanlar barada gürrüň edildi. Taryhy şahslaryň gahrymançylygynyň ýaş nesle nusga bolmalydygy barada aýdyldy. Olar barada ýazylan eserleriň birnäçesiniň mazmuny açylyp görkezildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector