DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Durmuş guranlaryna 79 ýyl boldy

Ginnesiň rekordlar Kitabynda Ekwadoryň ýaşaýjylary Hulio Sezar Mora we onuň aýaly Waldramina dünýäniň iň garry är-aýaly diýlip yglan edildi. Bu barada CNN-e saglylanmak bilen, Новости Mail.ru habar berýär.
Hulio Seraryň 110 ýaşy doldy, onuň aýaly bolsa oktýabr aýynda 105 ýaşar. Olaryň bilelikdäki ýaşy 214 ýyl 359 güne barabardyr. Olaryň durmuş guranyna 79 ýyl boldy. Är-aýal bäş çagany terbiýelediler.
Waldraminanyň gyz dogany Hulio Sezaryň doganoglanynyň aýalydy. Ol ýaşlary tanyşdyrdy. Başda ýigit bilen gyzyň maşgalasy gowy gatnaşykda bolmandyrlar, şonuň üçin hem olaryň durmuş gurmaklaryna garşy çykypdyrlar. Ýedi ýyllap dostlaşanlaryndan soň Hulio Sezar Waldramuna diňe şaýatlaryň we göbek eneleriniň gatnamagyna gizlin geçirilen dabarada öýlenipdir. Olaryň agzybir ýaşamagy wagtyň geçmegi bilen gudalary ýaraşdyrypdyr.
Är-aýal bütin ömrüni mugallym bolup işläpdirler. Pensiýada olar bagbançylyk bilen meşgullanýarlar, teatra we kino gidýärler, maşgala agzalaryny we dostlaryny myhman edip kabul etmegi halaýarlar. Olaryň 11 agtygy, 21 çowlugy we 9 ýuwlugy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply