DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Russiýa Aýa synag uçuşyny geçirer

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Lukmançylyk we biologiýa meseleleri instituty (IMBP) Aýa uçuşy öwrenmek boýunça synag geçirip başlady ― diýip, RIA  neşiri habar berýär.

SIRIUS-23 taslamasyna alty sany gatnaşyjysy: dört erkek we dört aýal kosmonawtlar instituty tarapyndan gurlan synag desgasynyň içinde bir ýylyň dowamynda izolýasiýa şertlerinde ýaşarlar.

Ekipažyň düzüminde bäş sany russiýaly bardyr. Olar: serkerde Ýuriý Çebotarew, uçuş inženeri Anželika Parfenowa, lukman Kseniýa Orlowa, şeýle hem, gözlegçiler Kseniýa Şişenina we Rustam Zaripowdyr. Beýleki bir gözlegçi belarus wekili Olga Mastiskaýadyr.

Synag ssenarisine görä, ekipaž dört günüň içinde Aý orbitasyna «ýeter» we Aý orbital stansiýasyna «gonar».  Ol ýerde olar bäş gezek dört adamlyk topara bölünen ýagdaýda dürli wezipeleri ýerine ýetirýärler. Maşklaryň arasynda Aýa gonmak, adatdan daşary ýagdaýlary simulýasiýa etmek we başgalar bardyr. Bir ýyllap dowam etjek gözlegleriň dowamynda Hindistandan, Çehiýadan, Türkiýeden, Italiýadan, Kanadadan, Malaýziýadan, ABŞ-dan we Koreýadan gelen gatnaşyjylaryň synaglarda gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem “tabşyryk” döwründe psihologiýa boýunça 18, mikrobiologiýa boýunça 11 sany tejribäniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: