DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Real»-a ozalky tälimçisi gerek. Ýöne ol Zidan däl

Gürrüňlere görä, Karlo Ançelotti şu möwsümiň ahyrynda «Real Madridiň» baş tälimçisi wezipesinden aýrylar. Madrid kluby eýýäm topar üçin täze tälimçi tapmagyň üstünde işleýär. 

Häzirki wagtda Germaniýada gaty güýçli çykyş edýän «Baýer» toparynyň tälimçisi Xabi Alonso iň halanýan hasaplanýar, ýöne lewerkuzeniň ýolbaşçylygy indiki tomusda hem bu ýaş hünärmeni goýbermezligi mümkin.

Ýagdaýdan ugur alyp, Madridiň «Real» kluby Žoze Mourinony tälimçilik wezipesine gaýtarmagy mümkin-diýip, «TodoFichajes» ýazýar. Bellenmegine görä, portugaliýaly hünärmen «Patyşalyk klubynyň» prezidenti Florentino Peres bilen henizem gowy gatnaşyk saklaýar.

Mourino häzirki wagtda «Roma» toparynyň tälimçisidir we onuň şertnamasy tomusa çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: