DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Adamlaryň Marsa gonup biljek wagty aýdyldy

ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugynyň başlygy Bill Nelson:
«Adamlar 2040-njy ýylda Marsa gonup biler» diýdi.

Žurnalist Nelsondan adamyň Marsa gonmagynyň iň takyk senesini aýtmagyny haýyş etdi.

«El Mundo» neşirine beren habarynda ol şeýle diýdi:

― Aýa ýetmek üçin üç-dört gün gerek bolar, emma Mars gaty uzakda.

NASA-nyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, Marsa uçuş 7-8 ýyl dowam eder. Şondan soň adamlar bir-iki ýyl şol ýerde galyp, gaýdyp gelmek üçin planetalaryň amatly ýagdaýyna garaşmaly bolarlar we bu 6 ýyl dowam etmegi mümkin.

Nelson alymlaryň uçuşyň dowamynda we Marsda adamlary nädip diri saklamalydygy barada pikirlenmelidigini goşmaça belläp geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: