JEMGYÝET

Garabekewüldäki dabara kitapsöýüjileri jemledi

Saýat etrabynyň Garabekewül şäher kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň sözüň gymmaty baradaky taglymaty» diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, şäher çagalar sungat mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler kitap okamaklygyň peýdasy, hususanda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň etdiler.

Çärä gatnaşan mekdep okuwçylary kitaphanaçylaryň sowallaryna jogap bermekde has-da işjeňlik görkezdiler. Çagalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, okan goşgularynda ajaýyp zamanamyzyň beýik ösüşleriniň waspy ýetirildi. Kitaphana işgärleri «Arkadagyň kitaplary — göwünleriň ganaty» diýen at bilen guralan kitap sergisine syn berdiler. Guramaçylar tarapyndan çärä işjeň gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: