DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäde iň ir doglan çagany hasaba aldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Birmingem Alabama uniwersitetiniň hassahanasynda dünýä inen bäbejik enesiniň göwresinde bary-ýogy 21 hepde ýatdy-da, sabry ýetmän ýagty dünýä çykdy. Aslynda, bu täsin ýagdaý 2020-nji ýylyň iýul aýynda ýüze çykdy. Ginnesiň rekordlar kitaby ýaňy-ýakynda ony dünýäde iň ir doglan bäbejik hökmünde bellige aldy, diýip «atavatan-turkmenistan.com» ýazýar.

Doglan wagtynda bäbejigiň agramy 420 gramdan kän däldi. Ginnesiň rekordlar kitabynda berilýän maglumatlara görä, Minsiň (çaga şeýle at goýdular) ýaşamak mümkinçiliginiň örän ujypsyzdygyna garamazdan, onuň berilýän bejergilere oňyn jogap berip bilýändigini we ýagdaýynyň gitdigiçe gowulaşýandygyny gören lukmanlaryň özi hem bu ahwala haýran galdy. Hepdeler geçdigi saýy bäbejik özüne geldi we güýçlendi.

275 günläp hassahanada ýatan bäbejik we onuň ejesi diňe şu ýylyň 6-njy aprelinde öýüne goýberildi. Täsin ýagdaý. Dünýä inen wagty ýaşamak mümkinçiligi 1 göterimden hem az bolan bäbejik öýüne sagdyn dolandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: