DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Harley-Davidson elektrik welosipedlerini hem çykaryp başlady

Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüniň «LiveWire» elektrik motosikline jemlenendigine garamazdan, «H-D» konserni elektrik welosipedlerini hem goýberip başlady. Bu barada «sporter.md» ýazýar.
Soňky gezek meşhur kompaniýada şeýle kysymly motosikliň taýýarlanylýandygy barada bir ýyldan gowrak wagt mundan ozal habar ýaýradylypdy. Şonda «Harley-Dewidson» elektrik motosiklleriniň birnäçe görnüşini görkezipdi. Olaryň arasynda welosiped hem bardy. Ýöne şondan soň bu barada hiç zat eşidilmändi.
Kompaniýa dilerler ýylda geçirilýän ýygnagynda elektrik welosipedlerini çykarylyp başlajakdygyny resmi taýdan mälim etdi. Önümçilige iki model — «step-over» kysymly şäher üçin niýetlenen welosipediň iki we «step-through» kysymly welosipediň bir görnüşi girizildi.

Şäher üçin niýetlenen welosipedleriň tigirleri giň bolup, haýwatly görnüşdedirler. Önümleriň täze çykarylyp başlandygyna garamazdan, «Harleý-Dewidson» welosipedleriň bazarda elýeterli boljakdygyny habar berýär.
Ýene bir täzelik —«IRONe12» и «IRONe16» welosipedleridir. Bu Härleý tarapyndan ýarym ýyl mundan ozal satyn alnan «StaCyc» kompaniýasynyň welosipedlerine berildi. Birinji model üç ýaşdan ýedi ýaşa çenli çagalara niýetlenendir. Onuň agramy 7,7 kilograma barabar. Ikinjisi bäş ýaşdan ýedi ýaşa çenli bolan çagalar üçin niýetlenen. Onuň agramy 8,6 kilogramdyr. Iki welosipediň yzky tigirlerini stupisasynda elektrik hereketlendirijisi bar. Batareýasynyň zarýady ony 30—60 minut sürmäge ýetýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply