Rus biology: «COVID-19»-yň öz-özünden ýitip gitmeginiň mümkindigi aýtdy
Lukmanlar we alymlar köplenç «SARS-CoV-2» koronawirusy möwsümleýin wirus dümewleme ýaly bir kesele öwrüler diýip aýdýarlar, diýip «pravda.ru» ýazýar.
Lukmançylyk jemagatynyň wekilleri wagtyň geçmegi bilen «SARS-CoV-2» dümewlemäniň ykbalyny gaýtalar, onuň garşysyna sanjym bolsa her ýylky meýilleşdirilen çärä öwrüler diýip hasaplaýarlar. Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň A.A.Harkewiç adyndaky maglumatlary bermek meseleleri Institutynyň uly işgäri, bioinformatik, Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň ýalan ylym bilen göreşmek boýunça toparynyň agzasy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Aleksandr Pançin belli bir şertlerde koronawirusyň öz özünden ýitip gitmeginiň we täzeden sanjym etmegiň zerurlygynyň aradan aýrylmagynyň mümkindigini aýtdy. Biolog koronawirusyň dümewlemäniň wirusyndan haýal mutasiýa geçýändigini belledi. Şonuň üçin hem, onuň mundan beýläkki ykbalyny kollektiw immunitet alynmagy çözmäge kömek eder, diýip bellenilýär.