LUKMANÇYLYK

Öýkende howply täze döremeleriň öňüni almak bilen baglanyşykly düşündiriş geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 39-njy orta mekdebiň mejlisler zalynda «Öýkende howply täze döremeleriň öňüni almak we bejermek» diýen temada düşündiriş işleri geçirildi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň bilelikde geçiren çäresine saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri we bilim işgärleri gatnaşdylar.
Hünärmenler onkologiki keselleriň, hususanda, öýkende howply täze döremeleriň emele gelmeginiň sebäplerini, keseliň öňüni almak üçin edilmeli işleri düşündirdiler. Lukmanlaryň maslahatyna eýermegiň, lukmançylyk barlaglaryndan geçip, keseli irki döwürlerde ýüze çykarmagyň we bejergä başlamagyň ähmiýeti, kesel ýüze çykanda döreýän alamatlar barada gürrüň berdiler. Bu kesel barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryny oturanlaryň dykgatyna ýetirdiler we bu ýerde eşidenlerini ýakynlaryna, tanyş-bilişlerine hem gürrüň bermegi haýyş etdiler.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply