SPORT WE SYÝAHAT

Amerikaly mekdep okuwçysy 12 ýaşynda grossmeýstr boldy

Abhimanýu Mişra russiýaly küştçi Sergeý Karýakiniň 2022-nji ýylda goýan rekordyny täzeledi, diýip «trud.ru» ýazýar.

Amerikanyň Nýu-Jersi ştatyndan mekdep okuwçysy Abhimanýu Mişra Budapeştde geçirilen «Vezerkepzo GM Mix» turniriniň netijeleri boýunça küşt boýunça dünýäniň iň ýokary titulyny — grossmeýstr titulyny aldy.Amerikaly ýetginjek aýgytlaýjy duşuşykda hindistanly Leon Mendokuny ýeňdi we Elonyň reýtingi boýunça 2500 bal gazandy. Netijede ýokary küşt adyny almak üçin üçünji normany ýerine ýetirdi.Synçylar Mişranyň doglanyndan 12 ýyl 4 aý we 25 günden soň grossmeýstr bolandygyny belleýärler. Sergeý Karýakin 2002-nji ýylda eneden bolanyndan 12 ýyl we 7 aý soň grossmeýstr titulyny alypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: