LUKMANÇYLYK

«COVID-19» pandemiýasynyň durmuş-ykdysady ýagdaýa eden täsirine bagyşlanan maslahat geçirildi

BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki iş toparynyň «COVID-19» pandemiýasynyň durmuş-ykdysady ýagdaýa eden täsirine bagyşlanan altynjy maslahaty geçirildi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Duşuşygyň maksady 9 aýda ýiti ýokanç kesellerine taýýarlygy üpjün etmegiň we reagirlemegiň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişinde gazanylan öňe gidişlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan, 2021-nji ýylyň galan döwründe işiň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmakdan ybaratdyr.

Gatnaşyjylar Meýilnamanyň durmuşa geçirilişiniň netijeleri boýunça sapak edinenleri seljermek bilen, toplumlaýyn hasabat taýýarlamak barada gepleşdiler.

Ýiti ýokanç kesellerine taýýarlygy üpjün etmegiň we reagirlemegiň Milli meýilnamasy BMG-niň Baş sekretarynyň ýurt we giňişleýin derejelerde koronawirus infeksiýasynyň garşysyna durmak boýunça ylalaşykly hereketleri etmäge çagyryşyna jogap hökmünde taýýarlanyldy we 2020-nji ýylyň 22 iýunynda tassyklanyldy. Ol lukmançylyk işgärlerniň mümkinçiliklerini artdyrmak, netijeli öňüni alyş çärelerini işläp taýýarlamak, «COVID-19»yň garşysyna sanjym geçirmek, bejeriş protokollaryny halkara standartlaryna laýyk getirmek ýaly ugurlary içine alýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: