JEMGYÝET

Farap etrabynda bugdaýdan boşan atyzlarda aralyk ekinler ekilýär

Şu günler Farap etrabynda bugdaýdan boşan atyzlarda aralyk ekinlerini ekmek, ekilen ýerlere bolsa gözegçilik etmek işleri dowam edýär. Etrapda şu ýyl 290 gektar meýdanda mäş, 10 gektarda noýba, 30 gektarda käşir, 150 gektarda gök-bakja ekinlerini, 200 gektarda mekgejöwen, 10 gektarda kelem, 50 gektarda pomidor, 3 gektarda hyýar ekmek meýilleşdirildi. Häzirki güne çenli bu ekinleriň aglabasy ekilip, ideg işlerine girişildi.Bulardan başga-da, şu ýyl Amyderýanyň sag kenaryndaky bereketli atyzlara arpanyň 40, şalynyň 650, soganyň 100 we güýzlük ýeralmanyň 130 gektary ekiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: