JEMGYÝET

Repetek döwlet biosfera goraghanasynda okuw maslahaty geçirildi

Repetek döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigat — bahasyz baýlyk» at bilen okuw maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramagynda geçirilen bu okuw maslahatynda goraghananyň ylmy işgärleriniň täsirli çykyşlary diňlenildi. Olar hemmämiziň ählumumy öýümiz hasaplanýan tebigatyň gaýtalanmajak gözelliklerini gorap saklamak, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen Garagum çölünde durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem okuw maslahatynyň dowamynda geçirilen pikir alyşmalarda goraghananyň fauna we flora dünýäsini öwrenmek, «Gyzyl» kitaba girizilen görnüşleriň sanyny köpeltmek babatda geçirilýän işlere giňişleýin seljerme berildi.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: