JEMGYÝET

Welaýat neşiri döredijilik bäsleşigini yglan etdi

Welaýat «Türkmen gündogary» gazeti 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Demokratik partiýanyň welaýat komiteti we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşik makalalar, hekaýalar we goşgular ugurlary boýunça geçirilýär. Olarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralary wasp edilmelidir.

Bäsleşik 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda jemleniler.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler aşakdaky salga ýa-da gazetiň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@sanly.tm) ugradylmalydyr: Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy, welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy. «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigine.