JEMGYÝET

Onlaýn dükany işe girizildi

«Parahat» hususy kärhanasy tarapyndan işe girizilen «Ozan» onlaýn dükany Aşgabat we Änew şäherlerinde dürli görnüşli harytlary eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýar, diýip «Biznes reklama» gazeti habar berýär.

Bu onlaýn dükanda milli öndürijileriň önümleriniň hem-de dünýä belli brendleriň ýüzlerçe görnüşi hödürlenilýär. «Ozanyň» amatly hyzmatlaryndan kompýuterden ýa-da mobil telefonyndan www.ozan.com.tm internet sahypasyna girip, şeýle hem ýörite mobil goşundysyny ýükläp alyp, peýdalanyp bolýar. Sargytlar 30-40 minutyň dowamynda bellenilen salga eltilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: