JEMGYÝET

Iň köp pile tabşyran etrap, daýhan birleşigi we ýüpekçi yglan edildi

Lebap welaýat häkimligi tarapyndan yglan edilen «Ussat pileçi» atly bäsleşikde ýokary netijeleri gazanyp, iň köp pile tabşyran etrap, daýhan birleşigi we ýüpekçi yglan edildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Pile tabşyrmak baradaky meýilnamasyny 110,7 göterim berjaý eden Kerki etraby ýeňiji boldy. Halaç etrabynyň «Soltanýazgala» daýhan birleşiginde pile tabşyrmak boýunça meýilnama 152,4 göterim berjaý edildi. Bu gazanylan ýokary görkeziji esasynda hojalyk «Öňdebaryjy daýhan birleşigi» diýlip yglan edildi.

Halaç etrabynyň Halaç şäherinden Begenç Çaryýewiň 162 gram ýüpek gurçugyny idedip, gazanan netijesi hem örän ýokary boldy. Ol şonça ýüpek gurçugyndan 610 kilogram pile ýygnap, welaýatyň ýüpekçileriniň arasynda ýylyň ussat pileçisi diýlip yglan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: