Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň 19 müň 400 okuwçysy üçin soňky jaň kakyldy
Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň ähli mekdeplerinde gutardyş synplarynyň okuwçylary üçin soňky jaň kakyldy. Bu waka mynasybetli dabaralary çäreler guraldy. Olarda hökümet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular we mugallymlar uçurymlary şanly waka bilen gutladylar. Olaryň şanyna belent heňli aýdymlar, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi we gysgajyk sahnalar goýuldy.
Bu ýyl welaýat boýunça 19 müň 400-e golaý okuwçy orta mekdepleri tamamlaýar. Bu geçen ýyldakysy bilen deňeşdirilende, 1 müň 900 töweregi okuwçynyň köpdügini görkezýär. Olaryň köpüsi on bir ýylyň dowamynda mekdep maksatnamasyny gowy özleşdirmek bilen bir hatarda, ders, taslama bäsleşiklerine hem işjeň gatnaşdylar. Lebaply oglanlaryň we gyzlaryň onlarçasy döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelediler, halkara ders bäsleşiklerine gatnaşdylar we olarda üstünlikli çykyş etdiler.
Uçurymlaryň öňlerinde ilki bilen gutardyş, soňra bolsa ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary dur. Olara ýörite orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde, edaralarda, kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, ykdysadyýetiň hususy sektorynda hem garaşýarlar.