Halypa mugallymyň ussatlyk sapagy.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň ýokary derejeli mugallymy-Jumaýewa Ýuliýa Anatolýewna “Sazyň taryhy we nazaryýeti” hünäriniň III-ýyl talyplary bilen bilelikde “Daşary ýurt saz edebiýaty” dersi boýunça açyk sapagyny geçirdi.
Açyk sapagyň dowamynda M.I.Glinkanyň ömri we döredijiligine degişli prezentasiýa bilen III-ýyl talyp Alymow Soltan çykyş edip, kompozitoryň döredijilik ýyllary, eserleri barada görkezýar we gürrüň berýär. Abdullaýewa
Uzbike “M.I.Glinkanyň kamera wokal eserleri” atly temasyna prezentasiýa bilen çykyş edip, kompozitoryň belli eserleriniň ýazgylary diňlenildi. Talyplar kompozitoryň döredijiligi bilen giňişleýin tanyşdyryp, kompozitoryň eserleriniň saz parçalaryny Alymow Soltan, Ruslanowa Zalina fortepiano saz guralynda hem ýatdan çalyp berdiler. Mugallym bilen bilelikde kompozitoryň “Gijeki zefir”, “Men sizi söýüpdim” romanslaryň giňişleýin derňewini etdiler. Mugallym talyplar bilen geçilen tema boýunça sorag-jogap alyşyp temany berkitdi.
Täze geçiriljek tema: A.S.Dargamyžskiniň ömri we döredijiligi. Kamera-wokal döredijigi. Halypa mugallym täze temany talyplara düşnikli bolar ýaly, sapaga degişli prezentasiýa bilen giňişleýin gürrüň berdi. Talyplar kompozitoryň ömür ýoly, ýazan eserleri bilen tanyş boldylar. Açyk sapagyň dowamynda mugallym kompozitoryň ýazan birnäçe eserleriniň saz parçalaryny fortepiano saz guralynda çalyp berdi we noutbukda bu eserleriň ýazgylaryny hem diňletdi. Açyk sapaga “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary Täçow B.A ; Seýitkulyýewa A.M; Jumageldiýewa O,S; Orazowa Ý.P. dagylar hem gatnaşdylar. Açyk sapaga gatnaşanlar mugallymyň okuw-görkezme esbaplary bilen ýakyndan tanyşyp, sapakda ulanylan usullar barada öz aralarynda giňişleýin pikir alyşdylar. Halypa mugallym Jumaýewa Ýu.A. sapagy talyplaryň aňynda galar ýaly sada we ýönekeý, açyk dilde düşündirmegi, açyk sapaga gatnaşan mugallymlar üçin hem tejribelik mekdebi boldy.
Açyk sapagyň jemleýji böleginde täze geçilen tema boýunça talyplar bilen sorag-jogap alyşdy we öýe ýumuş tabşyrdy. Geçilen açyk sapagyň esasy maksady talyplaryň saz sungatyna bolan zehinini kämilleşdirip, “Daşary ýurt saz edebiýaty” dersine höwes döretmekden ybaratdyr. Şeýle ajaýyp zamanamyzda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda okatmaga, öwretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Umumy adamzat ähmiýetli tutýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
mugallymy Jumageldiýewa Oguljahan