DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bag görnüşli myhmanhanalar Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Günorta Hytaýyň Haýnan adasyndaky Sanýa şypahanalar şäherinde ýerleşýän myhmanhanalar toplumy özüniň ululygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bu toplum diňe bir tutýan meýdanynyň 215 müň inedördül metre ýetýändigi bilen däl, eýsem, binalarynyň täsinligi bilen hem tapawutlanýar. Ol ymaratlaryň daşky görnüşi agaçlaryň şahalaryna we olaryň miwelerine meňzeýär.

«Sanýas Beauty Crown» myhmanhanasy şeýle täsin binalaryň 9-syny özünde birleşdirip, olarda ýedi ýyldyzly otaglar hem bardyr. Adadaky şypahanalar toplumlary, tebigatyň gözel görnüşi jahankeşdeleri özüne çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: