DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ispaniýada gysga aralyklara uçarlaryň gatnawy bes ediler

«Российская газета»-nyň ýazmagyna görä, Ispaniýanyň hökümeti barmaly ýerine otluda 2,5 sagatda baryp bolýan aralyklara uçarlaryň gatnawyny bes etmek baradaky teklibi orta atypdyr. Bu barada pireneý korollygynyň 2050-nji ýyla çenli ösüş strategiýasynda aýdylar. Onuň bilen premýer-ministr Pedro Sançes tanyşdyrdy.
Bu ideýany teklip eden ekspertler uçarlaryň uçuşlarynyň azalmagy bilen atmosfera taşlanýan zyýanly galyndylaryň azalmagyna garaşýarlar. Bu howanyň üýtgemegine garşy göreşe laýyk gelýär.
Ispan žurnalistlerini hasaplamalaryna görä, bu çäklendirme Madridden Sewile, Walensiýa we Alikante gatnaw ugurlary düşýär. Diňe şu ýerlere 2,5 sagatda demir ýol ulagynda baryp bolýar. Üýtgetmeler howa uçarlaryndan peýdalanýan bir milliondan gowrak ýolagça degişli bolar.
Ispaniýanyň şeýle başlangyjy öňe sürýän ilkinji döwlet däldigini hem bellemek gerek. Mundan bir aý ozal Fransiýanyň parlamenti şunuň ýaly teklibi goldady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply