LUKMANÇYLYK

Pyrtykalyň şiresi organizmde sowuklamanyň geçişini peseldýär

Tebigy pyrtykal şiresindäki maddalar organizmde sowuklamanyň geçişini peseltmäge ukyply. Bu barada amerikan alymlarynyň «Advances in Nutrition» žurnalynda barlaglaryň netijesi boýunça çap eden makalasynda aýdylýar, diýip «Известия» gazeti ýazýar.

Taftsa Uniwersitetiniň we Jorj Meýsonyň Uniwersitetiniň alymlary 307 sagdyn uly ýaşly we 327 ýürek keselleri we diabet ýaly ötüşen sowuklama bilen baglanyşykly kesel adamlaryň gatnaşmagynda geçirilen 21 barlagy seljerdiler.

Geçirilen işleriň netijesinde alymlar sowuklamanyň markerini — interleýkin 6-ny pyrtykalyň şiresiniň düýpli peseldýändigi barada netijä geldiler. Özem, ol sagdyn adamlara hem, dowamly sowuklama bilen keselleýänlere hem gowy täsir edipdir.

Alymlar şiräniň şeýle täsiriniň düzüminde açkorbin turşusynyň we flawonoidleriň — organizmde okislenme we sowuklama ulgamyny modulirlemä ukyply birleşmeleriň bardygy bilen düşündirýärler.

Alymlar organizme gowy täsir etmegi üçin şiräniň tebigy we düzüminiň şekersiz bolmalydygy belleýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: