LUKMANÇYLYK

Koronawirusa garşy tabletka görnüşinde taýýarlanan täze waksina garaşylýar

«Oramed Pharmaceuticals» ysraýyl farmasewtika kompaniýasy ýakyn wagtda koronawirusa garşy täze waksinany synagdan geçirmekçi, diýip «Российская газета» ýazýar.

Ol tabletka görnüşinde bolar. Taýýarlaýjynyň pikirine görä, şeýle serişdäniň peýda bolmagy sanjymyň gidişini üýtgeder. Aýratyn hem, adaty waksinany eltmek we sanjym geçirmek üçin kynçylyk çekilýän ýurtlarda. «The Times of Israel»-iň ýazmagyna görä, gürrüň «Premas Biotech» hindi kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan içilýän waksina barada gidýär. «Oramed Pharmaceuticals» eýýäm tabletkalary haýwanlarda synagdan geçirdi. Şonda doňuzlarda koronawirusa garşy antitelo üstünlikli emele geldi. Indi kompaniýa ýurduň hökümetiniň adamlarda synag geçirmäge rugsat bermegine garaşýar. Indiki aýda öň sanjym almadyk 24 meýletinçide synag geçirip başlarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: