DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Facebook» köp mukdarda jerime tölär

«Facebook» kompaniýasy amerikan işgärleriniň hukuklaryny kemsitmeleri üçin ABŞ-nyň Ýustisiýa ministrliginiň talabyny ödemegiň çäklerinde millionlarça dollar jerime tölär. Bu barada amerikan edarasyna salgylanmak bilen «РИА «Новости» habar berýär diýip, «lenta.ru» ýazýar.

«Ylalaşygyň çäklerinde «Facebook» 4,75 million dollar möçberinde raýat jerimesini we 9,5 million dollar möçberinde hukuklary bozulan diýlip çak edilýän pidalara töleniler» — diýip, resmi beýanda aýdylýar.

Ýustisiýa ministrliginde munuň immigrasiýa we raýatlyk baradaky kanunyň düzgünleriniň ulanylan 35 ýyllyk taryhynda iň köp jerimedigini bellediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: