TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanly talyplaryň 3-si Halkara olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp boldular

Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen Halkara maliýe howpsuzlygy olimpiadasynda türkmenistanly talyplaryň 3-si baýrakly orna mynasyp boldular. Türkmenistanly talyplar bäsleşikde onlaýn usulynda çykyş etdiler. «Adalat» gazetiniň ýazmagyna görä, halkara olimpiadasynyň barşynda hukuk ugry boýunça geçirilen bäsleşik has-da çekeleşikli boldy.

Oňa gatnaşyjylar häzirki zaman maliýe hukugyna degişli bolan sowallary, şeýle-de hukuk işiniň çägindäki umumy meseleleri seljermeli boldular. Ýeri gelende bellesek, hukuk ugry boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Çary Rahmanowyň görkezen netijesi aýratyn bellärliklidir. Ol halkara olimpiadasynyň bu ugur boýunça gatnaşan döwletleriň naýbaşy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan hukukçy talyplardyr magistrantlardan ep-esli öňe saýlanyp, halkara bäsleşiginde ýokary netijeleri görkezdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: