LUKMANÇYLYK

Ýapon alymlary garramagyň gidişini haýallatmagy öwrendiler

Ýapon alymlary garramagyň gidişini haýallatmak bilen, organizmden garran öýjükleri bölüp çykarmagy başarýan waksina oýlap tapdylar. Bu barada «Известия» gazetinde habar berilýär.

Ýaponiýanyň Juntendo uniwersitetiniň professory Minamino serişdäniň nähili täsir edýändigini düşündirdi. Onuň aýtmagyna görä, oýlap tapylan serişde mundan beýläk demensiýa, süýji keseli we ateroskleros ýaly ýäş bilen baglanyşykly keseller bilen göreşmäge ýardam eder.

Alym syçanlarda synaglaryň tamamlanandygyny, häzir waksinany maýmynlarda synagdan geçirýändiklerini, geljekde adamda hem synap görmekçidiklerini aýtdy.

Minaminonyň aýtmagyna görä, gemrijilerde geçirlen synaglaryň waksina alan syçanlar uzak ýaşaýandygyny görkezipdir. Ol syçanlaryň we adamlaryň meňzeş keseller bilen keselleýändiklerini belledi, ýöne waksinany adamda synagdan geçirip görmäge gyssanmaly däldigini aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: