Polina Gurýewa Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny alyp berdi

21 ýaşly türgen Tokio Olimpiadasynda agyr atletika boýunça 59 kg agrama çenli ýaryşlarda kümüş medala mynasyp boldy. Polina Gurýewanyň görkezen umumy netijesi 217 kg boldy (96 kg silterläp götermek + 121 kg itekläp götermek).

 

Bu agram derejede ýaryşda altyn medaly Taýwandan Go Sinçjou eýeledi – 236 kg (103+133). Bürünç medaly Ýaponiýanyň wekili Mikiko Ando aldy – 214 kg (94+120).

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector