Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan dilinde tanyşdyryldy

Jun 25, 2021

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan dilinde neşir edildi. Neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi.

Onlaýn görnüşde geçirilen çärä Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Galli, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.