SUNGAT ADAMLARY

Raýmond Paulsuň sahnany goýjagy çynmyka?

Sowet we latwiýa kompozitory hem-de pianinoçysy Raýmond Pauls sahnadan gitmäge taýýardygyny mälim etdi. «Kas Jauns» žurnaly onuň 85 ýyllygyna bagyşlap gurajak konsertiniň soňkusy boljakdygyny habar berdi. Bu barada «Известия» ýazýar. Artistiň neşire düşündirmegine görä, baryna saglyk ýagdaýy sebäp eken. Kompozitor meýilleşdirilen çykyşlarynyň özboluşly hoşlaşykdygyny aýdanlarynyň üstüne goşupdyr. Raýmond Pauls 1936-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Rigada doguldy. Saz bilimini Latwiýa döwlet konserwatoriýasynda aldy. Ol köp estrada hitleriniň we filmleriň sazlarynyň awtorydyr. Onuň aýdymlaryny Alla Pugaçýowa, Sofiýa Rotaru, Laýma Waýkule, Anne Weski, Edita Pýeha we beýleki aýdymçylar ýerine ýetirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: