Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda hyzmatdaşlyk hanynda şertnama gol çekildi

Oct 1, 2021

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk barada täze şertnama gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Bu hyzmatdaşlygyň maksady çagalar üçin ýurtda howpsuz we arassa daşky gurşawy, ýeterlik bilimi, saglygy goraýşy, iýmitlenişi we SAG-ni (suw, arassaçylyk we gigiena) goldamak üçin Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň we ÝUNISEF-iň tehniki tejribesini, mümkinçiliklerini hem gorlaryny birleşdirmekdir.

ÝUNISEF bilen Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky 2021– 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ileri tutulýan pudaklaryny görkezýän ylalaşygyň çäginde 2021– 2022-nji ýyllar üçin maksatnamalaýyn resminama gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanda bilimi, saglygy saklaýyşy, sanitariýa we arassaçylyk gurşawyny hem-de Aral sebitindäki ýerli jemgyýetçilik derejesinde geçirilýän çäreler arkaly ýurduň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Adblock
detector