SPORT WE SYÝAHAT

Pekin—2022: Norwegiýa birinjiligini saklap gelýär.

14-nji fewralda ýekeje medal gazanmasa hem, Norwegiýanyň ýygyndysy birini orny saklap gelýär. Olaryň hasabynda, öňküsi ýaly, ýigrimi bir medal bar.

Germaniýa bolsa medallarynyň üstüne ýene birini goşdy, netijede sekiz altyn, bäş kümüş we iki bürünç medal bilen turnur tablisasynyň ikinji setirinde barýar.

ABŞ-ly türgenlerini medallarynyň üstüne ýene dördüsi: bir altyn, şonça kümüş we iki bürünç medal goşuldy. Netijede olaryň hasabynda on alty: ýedi altyn, alty kümüş we üç bürünç medal bar.

Niderlandlylar, Awstriýa we Şwesiýa degişlilikde dördünji, bäşinji we altynjy orunlarda barýarlar. Hytaýlylar russiýalylary sekizinji orna süýşürmek bilen, ýedini orny eýelemegi başardylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: