SPORT WE SYÝAHAT

Pekin—2022: eger Waliýewa ýeňse, HOK sylaglamak dabarasyny geçirmez

Egerde russiýaly figuristka Kamila Waliýewa Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlarynyň şahsy ýaryşynda baýrakly orun eýelese, sylaglamak dabarasy ýatyrylar. Şonuň ýaly-da, figuristleriň toparlaýyn turniriniň ýeňijileriniň öň galdyrylan sylaglamak dabarasy hem bolmaz. Bu barada «Коммерсантъ» gazetine salgylanmak bilen «mail.ru» ýazýar.

Halkara Olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji edarasy Waliýewanyň doping bilen baglanyşykly işine seredileninden soň şeýle karar kabul etdi.

Şol bir wagtda Waliýewanyň işini derňewi tamamlanandan soň sylaglaýyş dabarasyny geçirmäge söz berdi.

Şonuň ýaly-da, HOK «adalatlylyk ýörelgelerinden ugur alyp», eger Waliýewa 15-nji fewralda birinji 24 ornuň birini eýelese, 17-nji fewralda 25-nji türgeni ýaryşyň erkin görnüşinde çykyş etmek üçin goýbermek gerek diýip hasap edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: