SPORT WE SYÝAHAT

Tokioda Olimpiadanyň ilkinji oýunlary başlandy

Tokioda ilkini olimpiýa ýaryşlary başlandy. Softbol boýunça Fukusimonyň stadionynda geçen duşuşykda Ýaponiýanyň zenanlarynyň ýygyndysy Awstraliýanyň toparyny 8:1 hasabynda utdy. Bu barada «ТАСС» habar berýär. Olimpiadanyň açylyş dabarasy 23-nji iýulda bolar. Däp boýunça käbir ýaryşlar oýunlaryň resmi açylyşyndan öň başlanýar. 1996-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiadanyň ýaşyşlary futbol bilen başlanmady. Tokiodaky ýaryşlarda alty topar — Awstraliýanyň, Kanadanyň, Italiýanyň, Meksikanyň, ABŞ-niň (dünýäniň häzirki çempiony) we Ýaponiýanyň ýygyndylary çykyş ederler. Softbol sportuň beýsbola garanda az şikes ýetirýän başga görnüşidir. Onda has ýumşak pökgi we ulaldylan bita ulanylýar, meýdany beýsbolyňkydan kiçi, duşuşyk bolsa dokuza derek ýedi inning dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: