JEMGYÝET

Türkmenistan: Dänew etrabynyň häkimligine bir million dollar gowşuryldy

Şu gün Dänew etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda ABŞ-niň bir million dollary möçberinde baýragyň gowşurylyş dabarasy boldy. Ozal habar berşimiz ýaly, Dänew etraby 2021-nji ýylyň durmuş-ykdysady görkezijileriniň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilipdi. Çärä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Lebap welaýatynyň ýolbaşçylary, etraplardan gelen myhmanlar we etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Şu waka mynasybetli medeniýet merkezinde dabaraly maslahat geçirildi. Şonuň dowamynda hem ABŞ-niň bir million dollary möçberinde baýrak gowşuryldy.

Baýrak gowşurylmagy mynasybetli medeniýet merkezi bilen etrap häkimliginiň arasyndaky meýdançada etrabyň gazananlaryny görkezýän sergi guraldy. Onda senagatyň we oba hojalygynyň ösüşini, oba hojalygynyň taryhyny açyp görkezýän eksponatlara aýratyn orun berildi. Amyderýa goraghanasynyň işgärleri sergä gatnaşyjylary tebigy baýlyklary goramak we olary köpeltmek barada alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar. Bu ýerde medeni miras, medeniýetiň şu günki ösüşleri bilen hem tanyşmak bolýardy. Bir söz bilen aýdanymyzda, sergi etrabyň durmuşynyň ähli taraplaryny açyp görkezdi.

Dutarçylar ansamblynyň çykyşy dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: