TÜRKMENISTAN HABARLARY

Pan Gi Muna Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy

Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli resmi çäre guraldy. Onuň owamynda Global ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Muna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medal gowşuryldy. 

Çärä goňşy döwletleriň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ilçileri, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Koreý tarapyndan çärä hormatly myhman hökmünde Global ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Mun hem-de Koreýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Kim Hyoeun gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Pan Gi Muna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medal gowşuryldy. Pan Gi Mun öz çykyşynda türkmen Liderine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi hem-de Türkmenistanyň halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: