TÜRKMENISTAN HABARLARY

Watan hakynda düşünje

Watan nämeden başlanýar? Bu sowala ençeme asyrlardan bäri danalar dürli-dürli jogap berip gelýärler. Watan seniň göbek ganyň daman ýerinden başlanýan bolsa gerek. Watan seni goýnuna alyp, iki ýana yranýan sallançakdan başlanýandyr belki?! Mähir-muhabbete, yhlasa eýlenen ene hüwdisi Watanyň owazy dälmidir?! Seniň ýörjen-ýörjen bolup başlan günleriňde dabanyňdan öpen toprak Watanyň zerresi dälmidir?! Watan hakyndaky düşünje şeýle sowallardan başlanýar. Watan diýen düşünje örän giň. Megerem, şonuň üçin Watan jana deňelýändir, başyň täjisaýylýandyr, gözleriň göreji ýaly görülýändir, goralýandyr?!

Biz Watanymyzy mukaddeslikleriň seresi saýýarys. Biz oňa ata Watan diýýäris. Watanyň topragyna ene ýer diýýäris. Watan biziň her birimiz üçin şeýle eziz, mähriban! Çagada ene-ata söýgi dünýä inen döwründen başlanýar. Ene süýdünden, hüwdisinden enä, Watana söýgi döreýär. Ol çaga kalbynda ebedilik orun alýar. Şoňa görä-de danalar enesini söýmedik, Watanyny-da söýüp bilmez diýýärler. Watana söýgi biraz ulalanyňdan soňra onuň gözel tebigatyndan, eşretlerinden döräp, ýüregiňe, aňyňa aralaşýar. Watany wasp etmeýän, söýmeýän şahyr ýokdur. Watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň döredijiliginde şeýle setirler bar:

Pasly baharlarda seýrana gitsek,

Tükenmez ýollaryň bardyr, sen çölüň!

Üstünde ýaýnaýyp, myrada ýetsek,

Lälezar gülleriň bardyr, sen çölüň!

Şunuň ýaly Watana söýgüsini beýan edýän goşgulary nusgawy şahyrlarymyzyň köpüsiniň döredijiliginden tapmak mümkin. Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Mätäji, Zelili öz döwründe — hupbatly ýyllarda ýaşan bolsalarda Watana bolan söýgüsini, mähir-muhhabetini şygyrlaryna siňdiripdirler.

Halallyk, wepadarlyk biziň halkymyzyň ganyna siňen häsiýetleriň biridir. Watana wepadarlyk bolsa  bize ata-babalarymyzdan galan ajaýyp mirasdyr. Olar baryp, Oguzhan döwründen bäri muny mesgen tutunan ýerleriniň her dabany üçin aldym-berdimli söweşlerde  aýdyň görkezipdirler. Muňa I asyryň ahyrlaryndaky Gökdepe galasynda bolan aldym-berdimli söweşlere gatnaşanlaryň gahrymançylygy, 1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda türkmen gerçekleriniň görkezen edermenlikleri aýdyň mysaldyr. Watana wepadarlyk diňe bir söweş meýdanynda däl, eýsem zähmet frontynda-da ýüze çykyp biler. Uruş ýyllarynda tylda ildeşlerimiziň görkezen gaýratlylygyny ýatlamak munuň üçin ýeterlik bolsa gerek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa her kim öz ornunda yhlasly işläp, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň beýgelmegine goşandyny goşýar we döwlet sylaglaryna, baýraklara mynasyp bolýar.

Watany wasp etmek şahyra adat. Hezreti Magtymgulynyň Gürgeni, Etrek bilen baglanyşykly dürdäne setirleri Watanyň waspyny ýetirýär. Bu gün öz ösüşleri bilen dünýäni haýrana goýýan ülkämiziň şan-şöhraty, gözelligi dilleriň senasyna öwrüldi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň şeýle setirleri ýada düşýär:

Bina bary bezäp dur gül mekanym,

Diňle hoştap howaň eşret mukamyn,

Gadryn bil akabaň, bagt sakanyň,

Şu Diýarda doglanyňa buýsan sen!

Hakykatdan-da toý-baýramlaryň mekanyna öwrülen şeýle Watanda dogalanlygyňa, önüp-ösenligiňe, ýaşaýandygyňa, söýüp-söýülýänligiňe buýsanmak gerek. Şeýle eşretli döwre ýetiren Gahryman Arkadagymyza guwanmak gerek. Biziň guwanyp, buýsanyp ýaşamaly Watanymyz bar, döwletli, döwranly, bagtyýar döwrümiz bar.

Käbe Hojamyradowa

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.