TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Onlaýn görnüşinde «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Jonatan Henik, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Westport Trading Ltd.», «Caterpillar», «Oxbow», «S2Global», «Visa», «Boeing» we bevleki amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – geňeşiň agzalary gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurlygy barada aýdylyp, maýa goýum, tehnologiýa we maliýe ugurlarynyň onda ýörite orun eýeleýändigi nygtaldy.
«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2008-nji ýylda döredildi. Bu Işewürlik geňeşi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we giňeldilmegi ugrunda netijeli gurala öwrüldi.
Şu günki mejlisiň çäklerinde amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, oba hojalyk we bank ulgamynyň ýolbaşçylary bilen aýratyn onlaýn duşuşyklary geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply