SPORT WE SYÝAHAT

2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gönüden-göni çykýan Ýewropanyň 10 ýygyndysy kesgitlendi

Saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň jemi boýunça Katarda geçiriljek 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gönüden-göni ýollama alan 10 sany ýygyndy belli boldy. Bu barada www.championat.com habar berýär.
Ýewropadan dünýä birinjiliginiň gatnaşyjylarynyň sanawyna şular girdi:

  • Serbiýa;
  • Ispaniýa;
  • Şweýsariýa;
  • Daniýa;
  • Belgiýa;
  • Fransiýa;
  • Horwatiýa;
  • Germaniýa;
  • Angliýa;
  • Niderlandlar.

Ýatlap geçsek, Ýewropa yklymy üçin niýetlenen dünýä çempionatyna ýene üç ýollama geçiş oýunlarynda oýnalar. Geçiş oýunlarynyň bije atyşygy 26-njy noýabrda Sýurihde bolar. Ýewropada dünýä çempionatynyň geçiş ýaryşynyň oýunlary 2022-nji ýylyň ýazynda geçiriler: ýarym finallar – 24-nji we 25-nji martda, finallar – 28-nji we 29-njy martda bolar.
Ýeri gelende bellesek, futbol boýunça dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda Katarda geçiriler. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: