JEMGYÝET

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar»  atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Ýaş žurnalistleriň arasyndaky bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralýar.

Bäsleşige publisistik makalalar, oçerkler, söhbetdeşlikler we beýleki žanrlardaky makalalar kabul edilýär. Oňa 35 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler. Onuň jemleri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda jemlener. Ýeňijilere Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we  sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: