JEMGYÝET

Lebaply hususyýetçiler Germaniýada tejribesini artdyryp bilerler

Lebap welaýatynyň hususyýetçilerine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrliginiň sanly ulgam arkaly hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşmak we dostlukly döwletde tejribelikde bolmak mümkinçiligi garaşýar.

Okuwlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geçiriler. Okuwlara söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2023-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli zerur resminamlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere 2023-nji ýylyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we Germaniýa Federatiw Respublikasynda 2 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: