BILIMTÜRKMENISTAN HABARLARY

Orta mekdeplerde soňky jaň dabaralary geçirildi

Lebap welaýatynyň ähli mekdeplerinde soňky jaň dabaralary geçirildi.
Bu ýyl welaýat boýunça 17 müň 500-den gowrak okuwçy orta mekdepleri tamamlaýar. Olaryň köpüsi on bir ýylyň dowamynda mekdep maksatnamasyny gowy özleşdirmek bilen bir hatarda, ders, taslama bäsleşiklerine hem işjeň gatnaşdylar. Lebaply oglanlaryň we gyzlaryň onlarçasy döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelediler. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ble bolsa, olar halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaga mümkinçilik aldylar we üstünlikli çykyş etdiler.
Uçurymlara hökümet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular özbaşdak durmuşa ak pata berdiler. Dabaralarda çykyş edenler ýaşlara özleriniň mynasyp orunlaryny tapmaklaryny arzuw etdiler. Mekdepleriň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşan, ders we taslama bäsleşiklerinde, sportda ýokary netijeleri görkezen okuwçylara Hormat hatlary gowşuryldy. Uçurymlaryň şanyna belent heňli aýdymlar, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi we gysgajyk sahnalar goýuldy.
Uçurymlaryň öňlerinde ilki bilen gutardyş, soňra bolsa ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary dur. Olara başlangyç hünär okuw mekdeplerinde hem, edaralarda, kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, hususy sektorda hem garaşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply