JEMGYÝET

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky galtaşyksyz töleg tehnologiýaly bank kartlaryny işe girizdi

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanda esaslandyryş gaznasynyň 100 göterimi ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň gatnaşmagynda döredilen ilkinji açyk görnüşli paýdarlar täjirçilik bankydyr, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar. Bank biziň welaýatymyzda hem telekeçilik işi bilen meşgullanýan taraplara hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýär. Onuň welaýatdaky şahamçasy «Lebap» işewürlik hem-de söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumynda ýerleşýär.
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky özüniň esaslyk maýasyny 2021-nji ýylyň dowamynda 200 million manada çenli ýetirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bankyň esaslyk maýasy 60 million manatdan hem gowrakdyr. Täjirçilik banky halkara maliýe guramalary we karz edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrýar. Hyzmatlaryň hilini ýene-de ýokarlandyrmak maksady bilen «Mastercard» halkara kompaniýasy bilen bilelikde galtaşyksyz (PIN kod girizmezden) töleg tehnologiýaly bank kartlarynyň «Platinum», «Gold», «Standart» we «Maestro» görnüşleri işe girizildi. Telekeçilik işiniň ösmeginde bankyň bitirýän hyzmatlarynyň ähmiýeti örän ýokarydyr.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply