TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ownuk üwelen kükürdiň önümçiligi ýola goýlar

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary we ýöriteleşdirilen enjamlary peýdalanyp, ýyllyk kuwwatlylygy 20 müň tonnadan az bolmadyk ownuk üwelen kükürdiň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Lebap welaýatynda geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde habar berildi.
Mejlisde ýurdumyzda öndürilýän içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanylýan himiýa önümleriniň mukdaryny we görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda ýurduň himiýa senagaty kärhanalaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak hem-de baý ýerli serişdeleriň esasynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde has giňişleýin işlemegiň zerurlygy aýdyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply