JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri kabul ediş nokatlaryna 1012 tonnadan geçirip pile tabşyrdylar. Şeýlelik bilen, olar gymmat bahaly çig mal taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.
Bu göz öňünde tutulanyndan 2 tonna gowrak artykdyr. Ýüpek gurçugyny idetmäge welaýatyň ähli etraplarynda işjeň gatnaşdylar. Taýýarlanlan piläniň bäşden bir bölegine ýakyny Halaç etrabynyň kärendeçileriniň paýyna düşýär. Olar 201 tonna çig maly tereziden geçirdiler. Çärjew etabynyň daýhanlarynyň taýýarlan pilesi bolsa 173 tonnadan geçdi. Bellenilen sepgide ýetmekde Dänew we Saýat etraplarynyň ýüpekçileriniň hem goşandy uly boldy. Dänewli ýüpekçiler ýeňil senagat üçin gymmatly çig malyň 140,2 , saýatly daýhanlar bolsa 132 tonnasyny kabul ediş nokatlaryna tabşyrdylar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply