TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibi tassyklady

Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maliýe üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak, täze önümçilikleri, maýa goýum taslamalaryny we söwda şertnamalaryny öz wagtynda maliýeleşdirmegi amala aşyrmak hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, diýip «Türkmenistan.Altyn asyr» saýty habar berýär. Resminama bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Merkezi banka Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: