TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň meşhur markalary agyz-burun örtüklerini öndürýär

Türkmenistanyň «Nusaý», «Bürgüt» we «Gala» harytlyk nyşanly önümleri öndürýän dokma toplumlary esasy önümçiligiň gapdaly bilen agyz-burun örtükleriniň önümçiligine hem köpçülikleýin girişdiler.
Bu markalaryň örtükleri şu günler Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň dükanlarynda satylýar.
Göze gelüwli dizaýn bilen bezelen örtükler birnäçe ýola ulanmak üçin hem amatlydyr. Şeýlelikde, örtükleri satyn alýanlar olaryň reňkini we bezegini gündelik lybaslary bilen sazlaşdyryp bilerler.
Käbir metbugat serişdelerinde Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň hem her gün 10 müňe çenli örtük öndürýändigi ýazyldy. Umuman, Türkmenistanyň dokma kärhanalary şu günler örtük taýýarlamak işine esasy ünsi gönükdirýärler. Şeýlelikde, ilatyň agyz-burun örtügi bilen üpjünçilik meselesi oňyn çözülýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply